Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan dynç alşa çykmaga rugsat berdi

04:50 15.07.2025 3090

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14529/original-16874a48a9a24c.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan dynç alşa çykmaga rugsat berdi.

Bu barada döwlet Baştutany 11-nji iýulda 2025-nji ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemlerine bagyşlap geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.

Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Başga makalalar
16710f4103a0d3.png
Türkmen-täjik hökümetara topary ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk toplumlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi

Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýdyldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisinde bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.