Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressi bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
08:05 09.07.2025 3237
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen IPC-niň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hökmünde parahatsöýüjilikli daşary syýasata we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlylygy, ýurduň dürli ugurlardaky mümkinçilikleri, iri ykdysady we infrastruktura taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň beýleki ýurtlaryň parlamentleri we halkara parlament guramalary bilen özara gatnaşyklary barada prezentasiýa görkezdi.
Pakistan tarapy Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyna we ýurduň Mejlisiniň alyp barýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Şeýle hem, parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak we häzirki döwrüň möhüm meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmäge ýardam bermek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary we forumlary guramak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ygrarlylygy tassykladylar.
Türkmen-täjik hökümetara topary ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk toplumlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi
Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýdyldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisinde bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.