Iş maslahaty geçirildi
04:05 08.07.2025 1858
«Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasy tarapyndan garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärler bölümleriniň amala aşyrýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň iş tejribesini artdyrmak hem-de degişliligi boýunça wezipeleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly iş maslahaty geçirildi. «Türkmengaz» DK-nyň Işgärler bölüminiň guramaçylygynda geçirilen iş maslahatyna konserniň merkezi edarasynyň we garamagyndaky ähli edara-kärhanalarynyň işgärler bölümleriniň başlyklary we jogapkär işgärleri işjeň gatnaşdy.
Iş maslahatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Işgärler bölüminiň başlygy Aýna Hekimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda ýurdumyzy belent ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köpugurly özgertmelerden ugur alnyp, nebitgaz senagatyny ösdürmekde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy, nebitgaz toplumynyň pudaklarynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň möçberini artdyrmakda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler barada giňişleýin belläp geçdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyklara, has takygy, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine, kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işgärler bölüminde resminamalary talabalaýyk alyp barmagyň, şeýle hem işe gelýän ýaş hünärmenleri (işgärleri) alan bilimlerine laýyklykda ugrukdyrmagyň, ýagny halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň we ony ösdürmegiň usullary giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmengaz» DK-nyň we onuň edara-kärhanalarynyň işini talabalaýyk alyp barmakda, ýaş hünärmenleriň ukybyny ösdürmekde, işgärleri taýýarlamakda, olary zähmet köpçüligine uýgunlaşdyrmakda işgärler bölümleri aýratyn möhüm orna eýe bolup durýar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar işgärler bölüminiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly taýýarlanan usulyýet gollanmasy bilen tanyşdyryldy. Onda «Halypaçylygy girizmegiň tapgyrlary», «Ýaş işgär we ýaş hünärmen barada düşünje», «Ýaş hünärmenler bilen işleşmek», «Halypaçylygyň görnüşleri, maksatlary», «Halypalaryň wezipeleri», «Meýilnamalaryň düzülişi», «Geçirilmeli çäreler», «Halypaçylygyň ýaş işgäre, ýaş hünärmene ýetirýän oňyn täsiri», «Halypalary höweslendirmek» ýaly mowzuklaryň üstünde giňişleýin durlup geçildi.
Giň düşünjeli, kämil ýaş işgärleriň taýýarlanylmagy döwrüň talabydyr. Işgärler bölümleri tarapyndan ýaş hünärmenleriň ösüşine aýratyn üns berilmelidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna bildirilýän talaplara laýyklykda, zehinli, ukyp-başarnygy bilen tapawutlanýan ýaş hünärmenleri (işgärleri) ýüze çykarmakda, ýolbaşçy düzümine girýän ätiýaç işgärleriň düzümini, sanawyny taýýarlap, ätiýaçlyk goruny talabalaýyk ýola goýmakda öňde goýlan wezipeler berjaý edilmelidir.
Iş maslahatynyň täsirli, tejribe alyşmakda peýdaly, öwrediji usulda guramaçylykly geçirilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda täze guýy burawlanylýar
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer goldaw bermäge çagyrdy — DIM
Türkmen tarapy dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerini owgan halkyna goldaw bermäge çagyrdy. Bu barada Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilen «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
18-20-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparynyň çäklerinde energetika ulgamynda, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda «Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy
14-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.