Türkmenistan YHG-nyň 17-nji sammitinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
16:41 05.07.2025 3096
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Çäräniň dowamynda sammitiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, tagallalary utgaşdyrmak we durnukly, inklýuziw we deňagramly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ylalaşylan çözgütleri işläp düzmek üçin ýokary derejeli platforma öwrülendigi bellenildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda 2035-nji ýyla çenli YHG-na agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň maksatlaryny we ileri tutýan ugurlaryny kesgitlemäge niýetlenen täze maksatnama resminamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi.
Türkmenistan ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda täsirli logistika ugurlaryny döretmegi, energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy, ýaşyl energetikany ösdürmegi, söwdany ösdürmek babatyndaky päsgelçilikleri aýyrmagy, maýa goýumlary çekmegi hem-de häzirki zaman tehnologiýalar we innowasiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi kesgitläp, YHG-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, energiýa çeşmeleriniň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek we sebitiň energiýa howpsuzlygyny berkitmek maksady bilen YHG-na agza ýurtlaryň energetika syýasatlaryny utgaşdyrmak boýunça mehanizmi döretmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.
YHG-nyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen ulag-logistika ulgamlaryny mundan beýläk hem birleşdirmek boýunça iş alyp barmak teklip edildi.
Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň üsti bilen işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy hem bellenildi.
Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň YHG-nyň sebitiniň mundan beýläk hem birleşmegi we gülläp ösmegi üçin binýady berkitjekdigi nygtaldy.
Çärä gatnaşyjylar Sammitiň netijeleriniň YHG-na agza ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşjakdygyny bellediler.
Türkmen-täjik hökümetara topary ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk toplumlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi
Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýdyldy. Bu barada Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky 13-nji mejlisinde bellenildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.