Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

04:15 01.07.2025 2931

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14398/original-16862dae245318.jpg

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar. Döwrüň ösmegi we tehnologiýanyň üznüksiz kämilleşmegi netijesinde bolsa, tebigaty goramak, energiýa serişdeleriniň zyýanly galyndylaryny aradan aýyrmak, uç-gyraksyz sähralyklaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly wajyp meseleler ýüze çykýar. Bu babatda, ilkinji nobatda, häzirki zaman ösen ylmynyň hem tassyklaýşy ýaly, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek möhüm zerurlyk hasaplanylýar. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda dolanyşyga girizilýän we özüniň oňyn netijesini berýän bu taslama Türkmenistanda hem ylmy taýdan esaslandyrylyp, işjeň herekete girizilýär.

Mälim bolşy ýaly, ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. 2023-nji ýylda ýurdumyzda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparyň döredilendigini bellemek gerek. Şol ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Mundan başga-da, howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasy» kabul edildi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy.

Bilşimiz ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýä ýurtlarynda energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Energetika pudagynyň geljegi, esasan, howanyň üýtgemeginiň nähili çözüljekdigine we belli bir ýurtda hem-de dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine bagly bolar.

«Ýaşyl» energiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň görkezişi ýaly, GIZ-iň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan boýunça taslama bukjasy köp ugurlary öz içine alýar.

Häzirki döwürde energetika pudagy islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijileriniň biri bolup, onuň bütindünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Kuwwatly energetika döwletleriniň biri bolan ýurdumyz bu ugurda işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy bolsa bu ugurda wajyp resminamadyr.

Energetika howpsuzlygynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine aýratyn orun degişlidir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine Günüň, ýeliň, ýeriň ýylylygynyň, biomassalaryň, derýalaryň, deňizleriň, ummanlaryň energiýalary degişlidir. Ýurdumyzda Günüň we ýeliň energiýasyndan peýdalanmak geljegi uly ugur hasaplanýar. Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan, merkezleşdirilen energiýa torlaryndan uzak ýerlerde, hususan-da, Garagum sährasynda peýdalanmak derwaýys wezipedir. Eýýäm bu ugurda ilkinji üstünlikler gazanylyp, geljek üçin uly maksatlar goýulýar.

«Ýaşyl» energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagy Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Adamyň tebigata ýetirýän täsirini peseltmek halkara derejede tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Merkezi Aziýa sebiti üçin daşky gurşawyň abadançylygy aýratyn ähmiýetli ugurdyr. Ýurdumyz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça halkara guramalar we maliýe edaralary bilen hem hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Muňa mysal edip, Aziýanyň Ösüş bankynyň «Türkmenistanda «ýaşyl» özgertmeleri goldamak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda ornaşdyrylýan çözgütler» atly taslamasyny görkezmek bolar. Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistanyň durnukly ösüşini goldamak boýunça uzak möhletli strategiýasynyň bir bölegi bolan taslamanyň esasy maksady şäherler üçin innowasion çözgütleri döretmek bilen, Gün energiýasyndan peýdalanmagyň «ýol kartasyny» işläp düzmekden ybaratdyr. Taslamanyň çäklerinde ýyllyk kuwwaty 4 gigawatdan geçýän Gün elektrik bekediniň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle beket kömürturşy gazynyň bölünip çykýan möçberiniň ýylda 3 tonna barabar azaldylmagyna mümkinçilik berer.

Muhammet BEKGIÝEW,
«Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi.

Başga makalalar
167ee33c1abeb1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler

2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


167ee33f4408f5.jpg
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


167ee78cf1f1f5.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

3-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.


16317196568665.jpeg
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


167ef73cc8e564.jpg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.