Birža söwdalarynda ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz, polipropilen ýerlenildi
13:22 25.06.2025 1677
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, ABŞ-nyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, “Türkmennebit”, “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine flanel önümleri, portlandsement, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 994 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, pagta lintini, polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 78 million 158 müň manatdan gowrak boldy.
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda täze guýy burawlanylýar
Balkan welaýatynda Güýjik meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer goldaw bermäge çagyrdy — DIM
Türkmen tarapy dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda bolsa, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwletlerini owgan halkyna goldaw bermäge çagyrdy. Bu barada Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde geçirilen «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň, Hindistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
18-20-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparynyň çäklerinde energetika ulgamynda, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda «Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy
14-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.