«Galkynyşda» ýene bir guýy önüm berdi
04:05 17.06.2025 2836
Tebigy gazynyň möçberi boýunça dünýäde belli bolan «Galkynyş» gaz käni bu gün «mawy ýangyjyň» iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek baradaky öňdengörüjilikli beýik başlangyçlary bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklary esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary gaz känindäki ulanyş guýularyny dünýä tejribesine laýyklykda, ýokary tehnologiýada burawlap, önümçilige girizýärler. Şeýlelikde, gaz käninden çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberi barha artýar.
Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 264-nji ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 19 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astyndaky önümli gatlagyň 115 metr aralygynda deşik deşmek usuly arkaly tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 240 müň kub metr tebigy gaz berýär.
Guýyny burawlamakdaky işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirilmegi, gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde konserniň gazçylarynyň döwletimiz tarapyndan hili taýdan öňdebaryjy önümler we tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa işleri meýilnamada bellenilen wagtynda tehnologik talaplara doly laýyk ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtyň dowamynda önüm bermegine şert döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň berýän goldawlary netijesinde bu gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde-de «Galkynyş» gaz käniniň geologik we tehnologik häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýa döwletiniň öňdebaryjy «Sumitomo» kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, «Kameron» kompaniýasynyň çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy.
Şeýlelikde, bu gaz känindäki guýularyň tehniki görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri halkara maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.
«Gazçylarymyzyň gazanan şu zähmet üstünliginde aýry-aýry işgärlerimiziň mynasyp paýy bar. Olardan burawlaýjylar toparynyň ýolbaşçysy Muhammet Taýmazow, buraw ussalary Parahat Gurdow, Araz Awezow, burawlaýjy Perman Akmaýew, burawlaýjynyň kömekçileri Çary Annamämmedow, Galandar Galandarow dagynyň atlaryny görkezmek bolar» diýip, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology Guwanç Gurdow gürrüň berýär.
Häzirki wagtda konserniň gazçylary «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 231-nji, 253-nji, 260-njy, 261-nji ulanyş gaz guýularynda-da burawlaýyş işlerini meýilnama laýyklykda üstünlikli alyp barýarlar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.