Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynyň çäginde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
14:55 31.05.2025 3133
30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy we «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.
Sammitde eden çykyşynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatynyň çäginde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi.
Serdar Berdimuhamedow energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini belledi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.