Tähran şäherinde Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
10:03 21.05.2025 3174
19-20-nji maýda Tähran şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.
Türkmenistanyň we EYR-yň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem Hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.
Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýtmak bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek teklibini öňe sürdi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine konstruktiw dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana amala aşyran saparynyň çäklerinde Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň, şeýle hem nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.