Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady
11:14 13.05.2025 4847
Şu gün, 13-nji maýda «Ýyldyz» otelinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady diýip, Turkmenportal habar berýär.
Maslahat «Türkmenistan: Howanyň üýtgemegi we ýaşyl geçiş» atly wideorolik bilen açyldy.
Maslahatda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Bütindünýä bankynyň howanyň üýtgemegi boýunça global direktory Waleri Hikki, GIZ sebit maksatnamasynyň müdiri Sergeý Makarow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan çykyş etdi.
Maslahatyň umumy mejlisi sebit we milli howa syýasatlaryna, üstünliklere we geljek üçin meýilnamalara bagyşlanýar.
Maslahatda bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmak» atly sergi geçirilýär.
Merkezi Aziýanyň howanyň üýtgemegi maslahaty 14-nji maýda hem öz işini dowam eder, şondan soň gatnaşyjylar üçin Aşgabat şäherindäki Halkara Ahalteke atçylyk toplumyna gezelenç guralar.
Çäreler Merkezi Aziýanyň Sebit daşky gurşaw merkezi tarapyndan guraldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.