Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär

04:42 06.05.2025 3463

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13943/original-16818eadc025ad.jpg

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ)) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde “ýaşyl energiýa”, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energotygşytlylyk we  Türkmenistanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerine bagyşlanan iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan edýär.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly eserinde dünýä halklarynyň abadan we howpsuz geljegini üpjün etmegiň ylmy-tehniki özgertmeleri, energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmagy we durnukly çözgütleriň durmuşa geçirilmegini talap edýändigini nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, “ýaşyl” energiýanyň adamzat durmuşynda tutýan ornuny öwrenmek Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin aýratyn möhümdir.

«Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» bäsleşigi jemgyýetiň durnukly ösüş we oňa degişli meseleler babatda habardarlygyny ýokarlandyrmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we öndebaryjy energiýa tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmany höweslendirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem, bu bäsleşik täze pikirleri, tejribe alyş-çalşygyny ýaýbaňlandyrmagy, daşky gurşawy goramak we energotygşytlylyk meselesine oňyn garaýyşy ösdürmegi maksat edinýär. 

Bäsleşige gyzyklanma bildirýänleriň hemmesi gatnaşyp biler. Awtorlara özboluşly pikirleri, täzeçe çemeleşmeleri we amaly çözgütleri beýan edýän makalalary bilen paýlaşmak hödürlenýär. Makalalar mazmun taýdan logiki gurluşly, ynandyryjy esaslandyrylan we  köpçülik üçin elýeter düşnükli dilde ýazylmalydyr. Awtor barada doly maglumatlaryň (ady, öý salgysy, iş ýeri, telefon belgisi) görkezilmegi hökmanydyr.

Bäsleşik 2025-nji ýylyň tutuş dowamynda geçirilip, netijeleri 2025-nji ýylyň 25-nji dekabrynda jemlener. Iň oňat makalalar “Nebit-Gaz” gazetiniň sahypalarynda, şeýle hem oilgas.gov.tm we ussatnews.com web sahypalarynda bäsleşigiň «Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» şygary astynda çap ediler.

“Nebit-Gaz” gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri,Arçabil şaýolunyň 58-nji jaýy. Telefon belgisi: (+99312) 44-08-40. E-mail: nebit-gazgazeti@oilgas.gov.tm.

Bäsleşige hödürlenen makalalara ýörite döredilen eminler toparynyň baha bermeginde netije çykarylyp, oňa görä ýeňijilere Minnetdarlyk hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň baýraklaryny maliýeleşdirmek Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024 – 2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» taslamasynyň çäklerinde üpjün edilýär.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.