TEIF 2025 forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň energetika toplumynda maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
10:30 25.04.2025 3220
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy TEIF 2025-niň ikinji güni geçirildi. Günüň birinji ýarymynda geçirilen umumy mejlis “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikler: nebit we nebit-himiýa” mowzugyna bagyşlandy.
Bu sessiýa Türkmenistanyň energetika pudagyndaky giň maýa goýum mümkinçiliklerine, aýratyn-da nebit we nebit-himiýa ugurlaryna gönükdirildi. Bellenilişi ýaly, ýurduň strategik çemeleşmesi uly uglewodorod serişdelerini ykdysady ösüşe, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmaga we dünýä bazarlaryna integrasiýa gönükdirýär.
Bu strategiýanyň möhüm bölegi hökmünde nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy görkezilýär. Munuň netijesinde gaýtadan işlemek kuwwaty artdyrylýar, önümleriň hili ýokarlanýar we eksport mümkinçilikleri giňeldilýär.
Sesssiýanyň dowamynda çykyş edenleriň temalarynyň hatarynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit ýataklaryny özleşdirmäge maýa goýum çekmek, uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmakda innowasion çemeleşmeler, döwrebap nebit-himiýa toplumlarynyň gurluşygy, Türkmenistanyň degişli kanunçylygynyň seljerilmegi, ýataklaryň çykarylyşynyň optimizasiýasy, häzirki geologiýanyň mümkinçilikleri we kynçylyklary, şeýle hem magdan we dag-magdan däl peýdaly gazylmalary gözlemek ýaly meseleler boldy.
Mejlisiň barşynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbandurdy Garlyýew, PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd-niň baş ýerine ýetiriji direktory Ismadi bin Ismail, Eni Turkmenistan Limited-iň direktory Jorjio Kastriota Skanderberg, GaffneyCline TM Energy Advisory kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Stiwen Trewers, Nebitgaz we energetika hyzmatlary geňeşiniň (MOGSC) prezidenti Saýed Saggaff Saýed Ahmat, “EnQuest” kompaniýasynyň Günorta-Gündogar Aziýa boýunça baş direktory Ahmed Radzif, SPE-niň Kuala-Lumpur bölüminiň başlygy Anwaruddin Saidu Mohamed çykyş etdi.
Forumyň işi soňra “Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hususy pudaklarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek: senagat we hyzmatlar ulgamy” atly 4-nji mejlis bilen dowam etdi.
Bu sessiýa Türkmenistanyň senagat, dokma we azyk pudaklaryny ösdürmäge bagyşlanyp, öndürijiligi we eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda maýa goýum mümkinçilikleri we hökümet başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, önümçilik kuwwatlyklarynyň giňeldilmegi, importyň ornuny tutmak we ýurdumyzyň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça strategiýalar hödürlendi.
Maýadarlara bu ugurlarda ösüşi üpjün edýän strategiýalar we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam berýän çäreler barada maglumatlar berildi. Şeýle-de çykyşlarda Türkmenistanyň hususy pudagynyň ykdysady ösüşde hereketlendiriji güýç hökmünde orny, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň maýa goýum üçin döredýän mümkinçilikleri, senagat, dokma we azyk önümçiligi pudaklarynyň artýan eksport mümkinçilikleri bellenildi.
Eksporty halkara bazarlara çykarmak boýunça strategiýalarda ISO, API, DNV GL, CE Marking, TÜV, FDA we HALAL ýaly halkara standartlara laýyklykda öndürilýän önümleri ösdürmek arkaly Türkmenistanyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply üpjün ediji hökmünde orny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder
Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi
13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi
Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.