Ýokary netijelilige beslendi
05:30 13.04.2025 1753
Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň ýaş alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda ylmy-amaly seminary geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde dowam eden seminarda ylmy garaýyşlara hem-de bu ugurda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.
Bellenlişi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň işini döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, ýaş hünärmenleriň bilim derejelerini artdyrmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleri hemmetaraplaýyn goldamak boýunça ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.
Seminarda ýokary ýaş alymlaryň we hünärmenleriň bilimini, ylmy medeniýetini ýokarlandyrmak, geologiki barlaglary, geotehnologiki meseleleri çözmeklige gönükdirilen innowasion tehnologiýalara erk etmek, gaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy gazy akdyrmak we gaýtadan işlemek, gaz pudagynyň ykdysady we ekologiki meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça pikir alşyldy. Institutyň Geofizika bölüminiň ylmy işgäri Aganazar Samakow nebitgaz ýataklarynyň üç ölçegli geologiki-gidrodinamiki modellerini döretmekde öňdebaryjy programma üpjünçiliklerini ulanmak boýunça giňişleýin çykyş etdi.
Onuň gün tertibine laýyklykda, institutyň Geofizika bölüminde bar bolan Schlumberger kompaniýasynyň «GeoFrame», Russiýa Federasiýasynyň Merkezi geofiziki ekspedisiýasynyň «DV-1 Discovery», «SeisGeo», «ГеоПоиск» ýaly döwrebap programma üpjünçiliklerini ulanmagyň esasynda Gögerendag-Ekerem tektoniki bozulmalar zolagynyň merkezi bölegindäki Gamyşlyja we Körpeje känleriniň gurluşara eňňidinde ýerleşýän Gündogar Gamyşlyja meýdançasynda geçirilen UÇNU 3D seýsmiki barlag we GGB-nyň maglumatlaryny seýsmogözlegiň, buraw işleriniň maglumatlaryny toplumlaýyn teswirlemek arkaly öwrenilip, alnan netijeleriň esasynda ylmy taýdan esaslandyrylyp taýýarlanan teklipler babatynda bellenilip geçildi. Geljekde bu babatdaky alnyp barylýan ylmy-barlag işleri önümçilik bilen utgaşykly mundan beýläk hem dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.