Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi
13:21 10.04.2025 3180
Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ikitaraplaýyn türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi diýip, 9-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
“7-8-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda deňiz serhet çyzygyny kesgitlemek, balykçylyk sebitleriniň çäklerini anyklamak, başlangyç çyzygy çekmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbi boýunça araçäkleriniň bellenilmegi bilen bagly meseleler we degişli resminalar babatynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi” diýlip, habarda aýdylýar.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministriniň Hazar deňzi meseleleri boýunça kömekçisi Alireza Jahangiri ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň dowamynda Hazar deňziniň daşky gurşawy bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan ikitaraplaýyn we bäş taraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.