Türkmenistan ÝB bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga taýýar – Serdar Berdimuhamedow
09:04 05.04.2025 3953
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda iş ýüzündäki ädimleri ätmäge taýýardygyny tassyklady. Bu barada döwlet Baştutany 4-nji aprelde Samarkantda geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitinde beýan etdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ugrunda çykyş edýändigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň kuwwatyny artdyrýandygyny we ony Ýewropa ibermäge taýýardygyny belläp, elektrik ulgamlar çäklerinden geçýän döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn wagtda özara bähbitlilik esasynda ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň ýel we Gün energiýasyny peýdalanmakda hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işlemäge taýýardygyny, wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine seretmek üçin hem açykdygyny aýtdy.
Ulag-kommunikasiýa pudaklary-da strategik ugurlardyr. Gündogar — Günbatar hem-de Günbatar — Gündogar ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek munuň esasy bölegi bolup durýar. Bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berýäris. Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurdumyzdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygymyzy aýtmak isleýärin diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Kommunikasiýa ulgamynda-da Hazar deňziniň düýbünden kabelleri geçirmek zerurlygyndan we mümkinçiliginden ugur alýarys. Umuman, Türkmenistan Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagyny kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýär hem-de bähbitleri we peýdany deňhukukly hasaba almak esasynda Ýewraziýa sebitinde energetika, ykdysady, ulag durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti diýip hasaplaýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.