Hyundai Engineering – TEIF 2025 Halkara forumynyň kümüş hyzmatdaşy
05:34 15.03.2025 5085
Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa bolmak ugrunda TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy halkara hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança bolup durýar.
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek bu abraýly foruma maýadarlar, pudak ýolbaşçylary we syýasatçylar gatnaşyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. TEIF 2025 forumynyň hyzmatdaşlarynyň arasynda Hyundai Engineering Co., Ltd. kompaniýasy hem bolup, ol forumyň kümüş hyzmatdaşy hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň senagat ösüşine ygrarlydygyny görkezýär.
Hyundai Engineering Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär, esasan-da, energetika infrastrukturasynyň ösdürilmeginde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir.
Şeýle iri taslamalaryň biri hem dünýäniň iň uly gaz känlerinden biri bolan “Galkynyş” gaz känidir. Hyundai Engineering bu ýerde döwrebap gaz arassalaýjy zawodyň gurluşygyna ýolbaşçylyk etdi. Taslama 2013-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni we halkara hyzmatdaşlar bilen üstünlikli tamamlandy. Bu taslama Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýiş mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy we ýurdumyzyň energiýa üpjünçiligindäki ornuny güýçlendirdi.
Hyundai Engineering, şeýle hem, Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly goşant goşdy.
LG International Corporation bilen hyzmatdaşlykda kompaniýa Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşyp, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrdy.
Kompaniýanyň innowasion we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygynyň aýdyň mysallarynyň biri hem Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly nebithimiýa toplumydyr.
Bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollary möçberinde boolan bu taslama «Türkmengaz» DK, LG International Corporation we Ýaponiýanyň TOYO Engineering Corporation bilen bilelikde amala aşyryldy. Ol polietilen we polipropilen öndürmek üçin niýetlenendir. Taslama heniz tamamlanmazdan ozal, 2014-nji ýylda Britaniýanyň TXF guramasy tarapyndan Ýewropa we Ýewraziýanyň iň ekologiýa taýdan arassa senagat taslamalarynyň onlugyna girizildi.
Hyundai Engineering Türkmenistanda diňe infrastruktura taslamalary bilen çäklenmän, ýerli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem uly üns berýär.
Gyýanly nebithimiýa toplumynda döredilen okuw merkezi arkaly 100-den gowrak hünärmen taýýarlandy. Olar Türkmenistanyň senagat pudagynyň ösmegine öz goşantlaryny goşýarlar.
TEIF 2025 forumyna 400-den gowrak myhmanlaryň, şol sanda 21 ýurtdan 130 wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar. Hyundai Engineering forumyň kümüş hyzmatdaşy hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň ykdysadyýeti we tehnologiýalarynyň ösüşine ygrarlylygyny tassyklaýar.
Goşmaça maglumat we hasaba alyş işleri www.teif-turkmenistan.com web sahypasynda elýeterlidir.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.