Türkmenistanyň DIM-i Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini maslahatlaşdy

10:51 25.12.2020 5215

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1359/original-15fe2ca4192255.jpeg

Owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdürilýändigini nygtap geçdiler.

A.R.Dostum sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna ýokary baha berdi hem-de bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleriniň sebitleýin meseleleri çözmekdäki ornuny pugtalandyrmagyň derwaýyslygyny belledi.

Mundan başga-da, söhbetdeşligiň barşynda Owganystanyň we umuman sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen infrastruktura taslamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Iki tarapyň hem energetika, ulag we beýleki taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de howpsuzlyga we durnuklylyga howp salýan wehimler bilen göreşmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydyklary beýan edildi.

Öň habar berlişi ýaly, noýabr aýynda onlaýn görnüşde Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejede geçirilen halkara maslahatynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iki sany goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynyň energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly ulgamlarda iri taslamalara esaslanýandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, Türkmenistandan Owganystana demir ýol magistrallarynyň gurluşygyny ilerletmäge ygrarlylygy bellenildi.

Şonda Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüş ýoluna düşmegine möhüm goşant goşýan Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.