Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýar
10:47 09.03.2025 3627
Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna söhbetdeşliginde aýtdy.
“Elbetde, energetika pudagynda ägirt uly mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde bu ugurda özara gyzyklanma barha artýar. Sebäbi energiýa serişdeleriniň Ýewropa bazary dünýäde iň iri bazarlaryň biri bolup durýar. Bu günki gün ol Ýewropanyň ykdysadyýetini kadaly ösdürmek üçin energiýa çig malynyň köp möçberde hem-de bökdençsiz iberilmegini talap edýär.
Türkmenistan tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýardyr. Bu işi amala aşyrmagyň ýollarynyň biri-de ony Hazarüsti ugry ilerletmek bolup durýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
“Biz hemişe Hazar deňzinde doly derejeli energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, şol sanda günbatar tarapa suwasty turbageçirijileri gurmak arkaly ýola goýmak ugrunda çykyş edip geldik. Bu biziň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada berkidilen kanuny hukugymyzdyr.
Biz Hazar deňzinde suwasty üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagynyň kenarýaka döwletleriň ykdysady talaplaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys. Munuň özi energiýa serişdelerini öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup hyzmat eder. Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini bellemek bilen bagly hukuk soraglaryny hem çözmek gerek. Biz häzirki döwürde munuň üçin hiç hili päsgelçilik görmeýäris. Ähli zat bu işe gatnaşyjylaryň hoşniýetli erk-islegine, taýýarlygyna baglydyr. Türkmenistanda şeýle erk-isleg bar.” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biziň ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Men ýene-de bir anyk mysaly getireýin: Türkmenistandaky «Galkynyş» käni gazyň möçberi boýunça dünýäde birinji orunda durýar. Onuň gorlary tebigy gazyň 27,4 trillion kub metrine barabardyr.
Bu sanlar ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň energiýa bilen diňe özümizi däl-de, eýsem, sebitimizdäki we onuň çäklerinden daşardaky hyzmatdaşlarymyzyň hem isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýändigini görkezýär. Türkmenistandan gündogar, günorta we demirgazyk ugurlara gurlan hem-de üstünlikli işleýän esasy gaz geçirijiler muny doly tassyklaýar. Şular ýaly taslamalary diňe energetika serişdeleriniň zerur möçberlerine eýe bolan ýurt öňe sürüp biler – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Şeýle hem biz energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň çäklendirilmezligini teklip edýäris. Ilkinji nobatda, «ýaşyl» energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalara başlamak, Ýewropa elektrik energiýasyny ibermek ugrunda çykyş edýäris. Türkmenistan elektrik energiýasyny ibermäge taýýar.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň ýurdumyza degişli kenarynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurulýar. Elektrik ulgamlary öz çäklerinden geçjek döwletleriň birleşen tagallasy bolanda, bu taslamanyň ýakyn geljekde we özara bähbit esasynda amala aşyryljakdygyna ynanýaryn.
Biz wodorod energetikasy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak boýunça hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işleşmäge taýýardyrys – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.