Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
15:25 11.03.2025 1728
Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda 7-nji martda geçirilen gepleşikleriň barşynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Gruziýanyň ýurdumyzyň dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.
Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu strategik taslamalaryň amala aşyrylmagy Hazar deňziniň we Gara deňziň üsti bilen Aziýadan Ýewropa ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şunlukda, söwda-ykdysady, sebitara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki günde ýurtlarymyzyň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny özara talaplara we mümkinçiliklere laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini we onuň taryhy sene — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini belledi hem-de Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Irakliý Kobahidze syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, ulag-logistika, energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şol gün iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Ulag-kommunikasiýa pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistan bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara multimodal üstaşyr ulag we logistika infrastrukturasyny döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Energetika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebit we ählumumy derejede energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalary amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Gruziýa tarapyndan tebigy gaz hem-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.