TEIF 2025: Global hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar we ösüş
07:27 14.03.2025 6530
Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy (TEIF 2025) iri halkara guramalarynyň we hökümetara düzümleriniň wekilleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekýär.
Forumyň tassyklanan çykyş etjekleriniň hatarynda BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjaban, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Haýsam Al-Gaýs, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Atsuko Hirosi, Global gaz merkeziniň (GGC) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro we beýleki halkara derejeli wekiller bar. Forumyň ýokary derejeli spikerleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetiniň we mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär.
TEIF 2025-iň Günorta-Gündogar Aziýanyň ykdysady taýdan çalt ösýän merkezi bolan Kuala-Lumpurda geçirilmegi, bu sebitden Türkmenistana maýa goýumlary çekmek üçin täsirli gepleşik meýdançasyny döretmäge ýardam eder.
Forum Türkmenistanda energetika pudagyny ösdürmek we maýa goýumlary çekmek meselelerine bagyşlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde iş alyp barýan halkara energetika kompaniýalarynyň goldawyny aldy. Petronas kompaniýasy forumyň baş hyzmatdaşyna öwrülip, Türkmenistanda we Malaýziýada energetika pudagyny ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC) onlarça ýyllap ýurdumyzda iri taslamalary amala aşyran kompaniýa hökmünde platina hyzmatdaş boldy. Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Ltd. kompaniýasy bolsa forumyň kümüş hyzmatdaşyna öwrüldi.
Forumda gatnaşýan kompaniýalaryň sanynyň artmagy, halkara işewür toparlaryň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. TEIF 2025-niň çäklerinde gatnaşyjylar täze pudaklaýyn taslamalary, durnukly ösüş meselelerini we halkara hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Forum Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyna we durnukly ösüş strategiýasyna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyklary döretmek üçin esasy meýdança bolar. Bu bolsa, halkara maýadarlaryň ynamyny pugtalandyrmaga hem-de olara çalt üýtgeýän global maliýe-ykdysady şertlerde täze mümkinçilikleri açmaga ýardam eder. TEIF 2025-iň geçirilmegi şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen hem utgaşýar.
Forum iri halkara we sebit media agentlikleriniň hem üns merkezinde saklanýar. Türkmen metbugatynyň giňişleýin beýan etmeginden başga-da, TEIF 2025-iň maglumat goldawyny S&P Global Platts, Malaysian Oil, Gas & Energy Services Council (MOGSC), Society of Petroleum Engineers (SPE) Kuala Lumpur Section ýaly abraýly nebit-gaz neşirleri üpjün edýär. Şeýle hem forumyň global media hyzmatdaşlarynyň hatarynda NewsBase, Argus, The Edge, Interfax, Natural Gas World, TRT, Bernama we Investor Beyond ýaly abraýly habar serişdeleri bar.
Bu habarlar agentlikleri forum barada dünýä işewür toparlaryna degişli täzelikleri çalt ýaýratmak bilen, dessin maglumatlary ýetirerler. TEIF 2025-niň çäklerinde global energetika kompaniýalarynyň we bilermenleriň gatnaşmagynda anyk teklipler beýan ediler, maýa goýum şertnamalary baglaşylar hem-de möhüm ykdysady kararlar kabul ediler. Bu bolsa dünýä metbugatynda uly gyzyklanma döredip, giň beýan tapar.
TEIF 2025-niň diňe Türkmenistana däl, eýsem, üýtgeýän energetika bazarynda halkara hyzmatdaşlygyna hem möhüm täsir edýändigini Londonda geçirilen energetika forumlarynda hem belläp geçdiler. Forumyň geçirilmegini halkara energetika hepdeligine gatnaşyjylar hem goldadylar. Şol çäkde, Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy (TEIF 2025), Halkara ylmy konferensiýa (TESC 2025) we 30-njy Halkara "Türkmenistan – Nebit we Gaz" (OGT-2025) konferensiýasy we sergisi ýaly başlangyçlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we önümçilik hyzmatdaşlygy esasynda ykdysady ösüşi höweslendirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.
Häzirki wagtda foruma 21 ýurtdan 130-dan gowrak wekil, şol sanda iri döwlet we hususy kompaniýalaryň, halkara guramalaryň hem-de dürli ykdysady ugurlar boýunça bilermenler jemgyýetiniň wekilleri gatnaşjakdygyny tassykladylar.
Foruma hasaba alyş 2025-nji ýylyň 15-nji apreline çenli dowam edýär. Forum bilen bagly giňişleýin maglumatlary TEIF 2025-niň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.