Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkiýäniň Prezidentine Aşgabadaky Halkara foruma çakylyk gowşurdy

12:34 26.02.2025 3476

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13305/original-167bebe5b68350.jpg

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere çakylyk gowşurdy. Bu barada milli Parlamentimiziň saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşyk Mejlisiň Başlygynyň Ankara şäherine iş saparynyň barşynda geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy taraplaryna garaldy.

Taraplar sebit we halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak baradaky özara ygrarlylygy tassykladylar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriler.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.