Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasynyň wezipelerini durmuşa geçirmäge taýýar

17:43 21.12.2020 6101

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/1334/original-15fde46b2ee6c0.jpeg

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine şu ýyl bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de GDA ýurtlarynyň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, GDA ýurtlaryna meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň aglabasyny geçirmegiň başardandygyny aýtdy. Olaryň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklarymyzyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalar kabul edildi.

Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasyny aýratyn belledi. Türkmen tarapy bu resminama öz wagtynda kabul edilen we derwaýys resminama hökmünde baha berýär,onuň anykdygyny, onda beýan edilen uzakmöhletli geljek üçin niýetlenen maksatlaryň we wezipeleriň aýdyňdygyny belleýär hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardyr.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, şu babatda ýokarda agzalan Strategiýa döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň ýörelgelerine esaslanýar.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýa, senagat kooperasiýasy, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly ugurlaryň görkezilendigi bellärliklidir. Bu ulgamlarda birek-birege, şeýle hem GDA-nyň çäginden daşyndaky hyzmatdaşlara teklip edip biljek zatlarymyz bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Umuman, Türkmenistan biziň hyzmatdaşlygymyzyň täze hilini üpjün etmek, özara gatnaşyklaryň uzakmöhletli ulgamyna geçmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Arkalaşygyň şu günki kuwwatynyň görkezilen geljegi uly pudaklarda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri barada gürrüň etmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Şunda GDA ýurtlarynyň çäkleri yklymda ykdysady gatnaşyklaryň esasy ýollary, sözüň doly manysynda, Ýewropa-Aziýa ugry boýunça baglanyşdyryjy halkalar bolup biler diýip, türkmen Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady bähbitlerini Arkalaşygyň geografiki çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň bilelikdäki taslamalarymyza golaýdaky ýurtlaryň we goňşy sebitleriň goşulmagynyň wajypdygy nygtaldy

Ilkinji nobatda, munuň özi ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini kadalaşdyrmaga we giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlaryny çekmäge degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hususan-da, bu ugurlar boýunça Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň, bu ýerde Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda döwrebap utgaşykly logistika ulgamyny döretmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi. Geçen ýyl Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda Hazarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konseptual esaslary goýuldy, onuň uzakmöhletli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça anyk ädimler bellenildi. Köp döwletler, iri daşary ýurt kompaniýalary oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.

Hazar ugry Arkalaşygyň meýilnamalarynda mynasyp orun eýelemelidir, oňa ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Başga makalalar
1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


16890eddce982f.jpg
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti

Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.