Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykdy
11:18 19.02.2025 3779
18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýär. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy.
- Türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýarys. Bu babatda gowy netijeleri gazanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha artmagy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerletmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
- Biz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn nygtady we häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi.
Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine ünsi çekip, şu ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tüýs ýürekden hormatyny beýan edip, myhmany bu foruma gatnaşmaga çagyrdy hem-de Rustam Minnihanowyň oňa gatnaşmak bilen, bu iri halkara çäräniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.