Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
04:14 17.02.2025 4248
16-njy fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde we yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredýändigini, onuň netijeli işini gazanmakda maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi hem-de pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, möwsümleýin işleri talabalaýyk alyp barmak, gazyň we nebitiň çykarylyşynyň netijeliligini artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ulgamda ylmy-innowasion täzelikleri öwrenmegiň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli belleniljek möhüm çärelere, şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, hünärmenleriň iş tejribelerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi.
Wise-premýer Batyr Amanow pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder
Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi
13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi
Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.