Eýranyň Prezidenti bilen duşuşykda energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
17:30 13.02.2025 3875
Eýran Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw çeşmeleri we beýleki ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige ygrarly. Bu barada 12-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçiren duşuşygynda aýdyldy. Muny Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidentiniň adyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Masud Pezeşkian iň gowy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna öz gezeginde mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Eýran-türkmen gatnaşyklarynyň işjeňleşýändigini belläp, Prezident 10-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň ähmiýetini nygtady. Onuň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Prezident Masud Pezeşkian Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw çeşmeleri we beýleki ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde Eýranyň ygrarlylygyny beýan etdi.
Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde bilelikde geçiriljek çäreleriň ähmiýetini bellediler diýip, DIM-nde habar berdiler.
Şol gün Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, eýran tarapyna bolsa Eýranyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar iň ýokary syýasy derejedäki yzygiderli we ynamdar dialogyň däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygyny bellediler.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijilerine garaldy. Ýangyç-energetika we ulag pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belläp, wekiliýetler halkara parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň we beýleki abraýly halkara we sebit düzümleriň, hususan-da Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şunlukda halkara we sebit gün tertibine hem garaldy.
Wekiliýetler parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Ýurtlaryň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň bu ugurda üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Bu ugurda ýakynda geçiriljek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary ýolbaşçy düzüminiň tabşyryklaryna laýyklykda taraplar suw serişdelerini dolandyrmak pudagyny öz içine almak bilen, göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň esasy orny nygtaldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.