Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşýar
15:15 12.02.2025 3138
11-nji fewralda Tährana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Eýranyň nebit ministri Mohsen Paknežad bilen geçirilen duşuşykda ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm meselelerine garaldy. Taraplar iki dostlukly ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin giň şertleriň bardygyny bellediler.
Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar geçen ýylyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini bellediler we iki ýurduň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan meýillerini tassykladylar. Duşuşygyň barşynda elektroenergetika, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Eýranyň degişli ugurly edaralarynyň arasynda utgaşykly işleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministriniň orunbasary, Ulag senagaty we ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Huşang Bazwand bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini, şol sanda eýran kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýollary gurmak boýunça taslamalaryna gatnaşýandygyny bellediler.
Taraplar öňden baglanyşylan, hususan-da, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň soňky mejlisleriniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýrana sapary dowam edýär.
Belläp geçsek, hepdäniň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder
Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi
13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi
Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.