Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi
10:34 15.03.2022 6438
13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ses bermäge saýlawçylaryň 97,17 göteriminiň gatnaşandygyny, munuň bolsa halkymyzyň ýokary raýat işjeňligini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga islegini alamatlandyrýandygyny belledi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda ses berişligiň barşynyň onlaýn usulda göni ýaýlymda görkezilmeginiň saýlawlaryň aýanlygynyň has ýokary netijesini üpjün edendigi bellenildi.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň nygtamagyna görä, saýlawlaryň gidişine 2 müň 726 sany milli we 75 sany daşary ýurtly hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki döwletleriň guramasynyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň synçylary gatnaşdylar.
Bulardan başga-da, saýlawlaryň gidişini ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň iri habarlar agentlikleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary beýan etdiler.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, saýlawlarda Türkmenistan boýunça bellige alnan ähli saýlawçylardan 3 million 362 müň 52 adam ses berdi, bu 97,17%-e deň boldy.
Brifingiň barşynda G.Myradow saýlawlaryň netijeleri barada gutarnykly maglumatyň kanun tarapyndan bellenilen möhletlede köpçülige ýetiriljekdigini mälim etdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.