Giňişleýin Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň jemleri jemlenildi, geljekki wezipeler kesgitlenildi
09:43 08.02.2025 5345
7-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler girizildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 224,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem dizel ýangyjynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy barada maglumatlar aýdyldy.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de bu önümleri has rejeli paýlamak we peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklary, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklary gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.