Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy

16:18 06.02.2025 3755

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13088/original-167a458d116a98.jpg

5-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Akihisa Nagaşimanyň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine, bu duşuşyklaryň netijeleriniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutany bu dialogyň sebit derejesinde-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup durýandygyny aýdyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine alýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir.

“Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada şu ýylyň aprelinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan hem bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses berdi. Serginiň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, biz ýörite guramaçylyk toparyny döretdik we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Akihisa Nagaşima Ýaponiýada Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu sergä gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.