Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
15:20 04.02.2025 3922
3-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň dowamynda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.
Ministrler ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda we senagat pudaklary ýaly ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy, hususan-da taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler we oňa baha berdiler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garadylar, şeýle hem geljek üçin bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň halkara guramalarynyň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki, şeýle hem «Merkezi Aziýa+» formatlaryndaky özara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi we oňyn tejribesi beýan edildi. Diplomatlar taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Ministrler köpugurly gatnaşyklaryň ösmegine ýardam berýän parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge meýillidiklerini nygtadylar. Şeýle hem söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginini we ösüşini güýçlendirmek barada ylalaşdylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.