Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi

15:19 04.02.2025 3659

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13054/original-167a1b434f0c53.jpg

3-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

A.Gurbanow öz çykyşynda halkara jemgyýetçiliginiň jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň YHG-nyň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesine ygrarlydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň garaýyşlary, şeýle hem ýurdumyzyň YHG-nyň ösüş strategiýasy babatyndaky teklipleri beýan edildi.

Hususan-da, A.Gurbanow 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara meýdançalarynda öňe süren esasy teklipleriniň hatarynda bolan ýurdumyzyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny we Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek baradaky başlangyçlaryna mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Mundan başga-da, sebitleýin utgaşygyny çuňlaşdyrmak, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adam maýasyny we institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak üçin möhüm gural bolan YHG-nyň Söwda şertnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine YHG-nyň çäklerinde maliýe-býudjet ugrundaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem “ECO Vision 2025” maksatlarynyň durmuşa geçirilişine we bu köptaraplaýyn düzümiň işiniň gurallaryny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamak meseleleri girizildi.

YHG-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda  gysga wagtlaýyn duşuşygyň geçirilendigi bellärliklidir. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy 1985-nji ýylda agza döwletleriň arasynda ykdysady, tehniki we medeni hyzmatdaşlygy höweslendirmek maksady bilen Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan döredildi.

1992-nji ýylda onuň düzümi ulalyp, Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan goşuldy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.