Türkmenistan we Özbegistan strategiki hyzmatdaşlygyny berkidýär
14:47 29.01.2025 2168
26-27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuyklar geçirildi.
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategiki hyzmatdaşlygyň häsiýetine eýe bolmak bilen, hil taýdan täze derejä ýetdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklar möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň DIM-niň bellemegine görä, söhbetdeşligiň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-özbek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Sebit we halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyk bellenildi. Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda daşary syýasy edaralaryň arasynda geçirilýän geňeşmeleriň ähmiýetini bellediler.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň ähmiýeti bellenildi.
Ulag-logistika, energetika, suw we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi.
Şeýle-de taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar iki doganlyk döwletiň medeni arabaglanşygyny güýçlendirmekde Medeniýet günlerini geçirmek tejribesiniň wajyplygyny bellediler. Ylym, bilim, kinematografiýa babatda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenilip geçildi.
Geňeşmeleriň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň we B.Saidowyň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça Teswirnama gol çekişlik dabarasy hem geçirildi.Рассмотрены также вопросы углубления сотрудничества в транспортно-логистической, энергетической, промышленной и водной отраслях.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.