2025-nji ýylda esasy maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalara gönükdiriler

09:45 27.01.2025 5201

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12974/original-167972b61ae2e4.jpg

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli, şol sanda möhüm nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdiriler.

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy.

Şoňa laýyklykda, şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler.

Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.

Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.