Pakistanyň işewür düzümleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär
10:24 24.01.2025 4814
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda Pakistanyň döwlet guramasy bolan Gujranwala Business Centre-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga guramanyň ýolbaşçysy Ahmed Ikram Loun ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Gujranwala Business Centre-iň wekilleri, Gujranwalanyň Pakistanyň iň çalt ösýän senagat sebitleriniň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň işewür toparlary bilen yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak bilen gyzyklanýandyklaryny mälim etdiler.
Türkmen tarapy myhmanlary Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini döwrebap tehnologiýalary we bazar mehanizmlerini giňden ornaşdyrmak arkaly diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty bilen tanyşdyrdy. Şonuň bilen birlikde, hususy telekeçiligi goldamak we ýerli önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy.
Pakistanyň işewürleri türkmen telekeçileri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle-de ikitaraplaýyn söwdanyň möçberlerini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.
Duşuşykda Aşgabatda Pakistanyň önümleriniň sergisini gurnamagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sergi işewür gatnaşyklary ýola goýmak, önümleri görkezmek we işewürlik pikirlerini alyşmak üçin özboluşly meýdança bolar diýip garaşylýar.
Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, yzygiderli duşuşyklary gurnamak barada ylalaşdylar.
Gujranwala Business Centre (GBC) – Pakistanyň Senagat we önümçilik ministrliginiň garamagyndaky kompaniýadyr. Bu gurama ýerli işewürlik şertlerini ösdürip, 21 müňden gowrak kiçi we orta kärhanadan ybarat işewürlik giňişligini emele getirýär. GBC döwlet we hususy toplumdan, şeýle-de halkara söwda guramalaryndan, söwda-senagat edaralaryndan we beýleki guramalardan ybarat bolan 1500-den gowrak milli we halkara hyzmatdaşynyň giň ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.