Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryny Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baýragy bilen gutlady

05:44 23.01.2025 4739

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12940/original-16791046a2e67f.jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan altyn baýragy bilen gutlady.

“Biz dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýäris. Milli atçylyk sportuny ösdürmek ugrunda giň möçberli işleri alyp barýarys. Ynha, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşmagy hem bizi diýseň buýsandyrýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gutlagy metbugatda çap edildi.

“Behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» ýaly parasatly sözleri halkymyzyň bedewlere goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Bilşiňiz ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler. Siz ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolduňyz. Dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterdiňiz. «Galkynyş» topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe boldy” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär.

1974-nji ýylda esaslandyrylan festiwal dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, tutuş dünýäde zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär.

Başga makalalar
1622aed634ec42.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.


166ebf9ace7458.webp
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder

Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.


16868f6a54f0ad.jpg
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1622ee04f5bf60.jpeg
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi

13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.


1622aecee1b51e.jpeg
Türkmenistanda 11-nji martda Prezident saýlawlaryndan öň «dymyşlyk güni» yglan edildi

Türkmenistanda penşenbe güni ýurduň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaryny hödürlemek boýunça saýlawçylar bilen duşuşyklary resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň resmi saýty habar berdi.