Fewral aýynda Aşgabatda Owganystanyň harytlarynyň sergisi we işewürler maslahaty geçiriler

08:28 20.01.2025 3586

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12910/original-1678dfbb4bf7d3.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň ikinji sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmek barada teklibi goldady. 17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 23 — 27-nji fewralynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän işewürleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Serginiň we işewürlik maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda Owganystanyň önümleriniň sergisiniň we işewürlik maslahatynyň geçirilmeginiň türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 4-6-njy martynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda goňşy ýurtda öndürilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň derejesini açyp görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Bu giň möçberli çärä Owganystanyň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet düzümleriniň wekilleri, 300-den gowrak kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisinde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.