Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
06:00 17.01.2025 3432
Geçen hepdede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda bolan çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görnükli söz ussadynyň mirasynyň, onuň dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň, şahyryň ýubileýi mynasybetli guralan dabaralaryň giňden beýan edilýän «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti bellenildi. Akyldaryň durmuş ýolunyň we döredijiliginiň ylmy esasda öwrenilişi, şahyryň pähim-parasatly wesýetleriniň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky orny, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygara beslenen 2024-nji ýylda geçirilen halkara daralaryň ähmiýeti barada gürrüň berýän bu ajaýyp kitap halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Eseriň talyplar we mugallymlar üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Kitap mugallymlar üçin akyldar Pyragynyň döredijilik dünýäsini ýaşlara wagyz etmekde, milli mirasa sarpa goýmak bilen, olaryň watansöýjülik duýgusyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldaryň arzuwlan Garaşsyz Diýaryndaky özgerişleri, özbaşdaklyk syýasatynyň çuň manysyny ýaşlara öwretmekde taýsyz çeşmedir. Talyplar üçin bolsa täze eser olaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerinde ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi mirasy galdyrypdyr. Onuň döredijiligi sözüň doly manysynda türkmen halkymyzyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze kitaby owadan fotosuratlar bilen bezelip, ýokary çaphana usulynda, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi. Sekiz bölümden ybarat bolan neşir giň okyjylar köpçüligine, ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenijilere niýetlenendir.
Magtymguly Pyragynyň örän baý edebi mirasy parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dostluk, doganlyk, adama hormat goýmak taglymatlary dünýäde uly goldawa eýedir. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda bular barada çuň mazmunda beýan edilýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.