ADNOC we Petronas kompaniýalary bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy
08:16 18.01.2025 6153
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) wise-premzidenti Dipeş Meazurýan bilen Petronas Charigali Sdn. Bhd malaý kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, uglewodorod serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek we Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmek meselelerine aýratyn üns berildi.
ADNOC-yň wise-prezidenti we duşuşygyň beýleki gatnaşyjylary Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini ýokary derejede bahalandyryp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmaga, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Şu babatda häzirki zaman öňdebaryjy tejribeleriň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Ýokary derejeli wekiliýetiň sapary Türkmenistany energetika pudagynda daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji ugur hökmünde görkezýär. Biziň ýurdumyz ägirt uly nebit we gaz gorlaryna, şeýle hem durnukly syýasy ýagdaýlara eýe bolup, uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.