Türkmenistanyň wekilleri Eýranda gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça foruma gatnaşarlar

14:58 17.01.2025 3986

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12896/original-16789eb148544b.webp

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2025-nji ýylyň maý aýynda Tähranda geçiriljek energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça giň gerimli halkara çärä gatnaşarlar. Bu barada TSTB-niň saýtynda habar berilýär.

Bu boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen tarapyna resmi çakylyk iberdi.

Sergi bilen bir hatarda, Eýranyň täzelenip bilýän energiýa ulgamyndaky altynjy Milli baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.

Çäreler 2025-nji ýylyň 26-27-nji maýynda Tähranda "Milad" konferensiýa merkezinde geçiriler. Gatnaşyjylar üçin ýörite maglumatlar saýty hereket edýär: www.irec.irrea.ir.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.