Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi Aşgabatdaky Halkara foruma çagyrdy
18:21 15.01.2025 2446
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antoniu Guterriş bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýdyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar.
Halkara forumynyň geçirilmegi öňde boljak çäreleriň esasy wakasy bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny uly hormat bilen bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.
Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Baş sekretar BMG-niň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady hem-de Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy we pikirdeşi, sebitde hem-de dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygyny, bolýandygyny we şeýle bolmagynda-da galjakdygyny belledi.
Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarda we çärelerde öz milli baýdagymyz bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewüliginiň nyşany bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.