Gurbanguly Berdimuhamedow we Antoniu Guterriş sebit howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdylar

18:20 15.01.2025 1699

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12880/original-167873ec0e996e.jpg

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda 14-nji ýanwarda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystan we Hazarýaka howpsuzlygy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny aýtdy. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu ýurduň täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny, halkara derejede ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana uzajak elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy bar.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini hem berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle kömegiň geljekde-de üýtgewsiz dowam etdiriljekdigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, bu ugurda Türkmenistanyň Hazarýaka döwlet bolup durýandygyny hem göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy bizi alada goýýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürendigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “ileri tutulýan hyzmatdaş” hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk döretmek işine jogapkär düzümleri bilen işjeň iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek mümkinçiligine seredip bolar. Elbetde, bu ugurda işler Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen amala aşyrylar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu işleriň esasy maksadynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin bitaraplygyň kadalaryny iş ýüzünde ulanmak bolup durýandygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Milli Liderimiziň telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady.

Başga makalalar
16868f6a54f0ad.jpg
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.


166ebf9ace7458.webp
Aşgabatda OGT – 2024 Halkara maslahatynda pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin çykyş eder

Energetika ulgamynda dünýä belli bilermen we Pulitser baýragynyň eýesi Deniel Ýergin şu ýylyň 23-25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara maslahatyna gatnaşar.


164df200a3db6f.jpg
Türkmenbaşynyň deňiz portunyň polipropilen terminaly milli önümleriň eksportyny artdyrýar

Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.


1622ee04f5bf60.jpeg
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky jemlerini jemledi

13-nji martda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda brifing geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.


1622aed634ec42.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilişi teleradioýaýlymlarda göni ýaýlymda berler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlarynda ses berişlik Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde göni ýaýlymda görkeziler.