Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi
12:17 18.02.2022 12928
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, polipropilen sapaklarynyň önümçiligi üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşen «Bagtyýar gurluşyk» HJ 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa tarapyndan hödürlenilýän önümler ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.
Polipropilen sapaklary haly we haly önümleriniň dokmaçylygynda giňden ulanylýar. Bu sapaklardan dokalan halylar uzak möhletliligi, berkligi we ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Olar görnüşini we reňkini uzak wagtlap saklap bilýär.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
OGT 2024 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary bellige almak başlandy
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy Halkara maslahatyna we sergisine (OGT 2024) gatnaşyjylary bellige almak başlandy, forum 2024-nji ýylyň 23-25-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Bu giň gerimli çäräni «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýarlar.
ÝHHG-niň Aşgabatda geçirilen seminarynda metan zyňyndylaryny azaltmagy kadalaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Aşgabatda ÝHHG-niň Merkezi tarapyndan gurnalan iki günlük seminara döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki gyzyklanma bildirýän edaralaryň ýigrimi bäş wekili gatnaşdy we olar parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hereket edýän kanunlar bilen tanyşdylar.
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.
MST Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek boýunça 6 sany teklipçi topary bellige aldy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürleýän alty sany teklipçi topary bellige aldy diýip, guramanyň saýty habar berýär.