Diplomatlar ulag we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň ornuny maslahatlaşdylar
15:29 14.01.2025 4078
Pakistanda Strategiki barlaglar, işläp taýýarlamalar we seljeriş institutynyň (ISSRA) Milli logistika korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen «Sebitleýin söwda we arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara seminarda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Çärede Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Pakistandaky ilçileri, şeýle hem pakistanly we daşary ýurtly ykdysady ugra ýöriteleşen hünärmenler çykyş etdiler.
Seminarda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljegini bellediler we bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow seminarda çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny barada gürrüň berdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.