Seýdiniň NGIZ nebit önümleriniň önümçiligini ýokary depginde saklaýar
15:28 14.01.2025 7075
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 431,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenip, meýilnama 109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Netijede, öndürilen umumy önümiň möçberi 375,7 müň tonna barabar boldy, bu bolsa degişli meýilnamanyň 102,5 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Görkezijilere görä, nebit önümleri 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,4 müň tonnadan gowrak köp öndürildi.
Geçen ýylyň on bir aýynda 219 müň tonna benzin öndürildi, bu bolsa 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109,6 göterim ýokarydyr. Şeýle hem geçen döwürde 109,6 müň tonna dizel ýangyjy, 23,6 müň tonna agyr wakuum gazoýly we 19 müň tonnadan gowrak ýol bitumy öndürildi. Bu görnüşdäki nebit önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar, şonuň üçin olaryň satuwynda ýokary netijeler gazanyldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda nebitgaz pudagyna aýratyn üns berýär. Netijede, Seýdiniň NGIZ-niň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda zawodda düýpli täzeden gurmak boýunça birnäçe iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Prezident zawodda suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hödürlenen teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmek barada görkezme berdi.
- Nebiti gaýtadan işleýän hünärmenlerimiziň esasy maksady – döwlet Baştutanymyzyň senagatlaşdyrmak we halkyň ýaşaýyş derejesini täze derejä çykarmak boýunça beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmekdir. Tijenip edilen işleriň netijesinde, biz ýyly uly zähmet üstünlikleri bilen tamamladyk, - diýip, zawodyň ilkinji kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Ahmet Annamyradow belleýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.