Türkmenistanyň Prezidenti nebit pudagynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi goldady

11:38 11.01.2025 3368

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12849/original-16782115dbae01.jpg

10-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Amanow gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitli guýularynda nebit çykarmakda ulanylýan desgalaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, önümçilige döwrebap usullary, tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de desgalary döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini, häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.