Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

11:45 08.01.2025 3683

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12822/original-1677e257dcbb48.jpg

7-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda myhman Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyzyň maliýe we ykdysady ulgamdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlary we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda bu gazna bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen döwrüň içinde gazna ýurdumyzda amala aşyrylan birnäçe milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşdy.

Saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlaryndaky taslamalar munuň aýdyň mysalydyr. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe olara gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, sebit ýurtlarynyň halklarynyň bähbidine hem hyzmat edýär diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistan bilen Saud ösüş gaznasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän goldawy üçin myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Myhman hyzmatdaşlygyň çäklerinde Saud ösüş gaznasynyň saglygy goraýyş we ulag ulgamlarynda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmek işine gatnaşýandygyna örän şatdygyny hem-de okgunly ösýän, geljegi uly türkmen bazarynyň maýa goýum babatda özüne çekijiliginiň aýratyn gyzyklanma döredýändigini belledi.

Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garaldy we Türkmenistanyň Hökümeti bilen Saud ösüş gaznasynyň arasynda degişli resminama gol çekildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.