Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
12:34 30.12.2024 5923
28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy dialogyň ähmiýeti bellenildi. Bu dialog netijelidigini, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi.
Şeýle hem 2025-nji ýylda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy syýasata dialog we hormat goýmak medeniýetini gaýtaryp getirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigine üns çekildi.
Şunda ýokary jogapkärçilikli, häzirki hem-de geljek nesilleriň öňünde ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirýän zenanlara uly orun degişlidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu barada aýtmak bilen, 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň birinji dialogynyň Türkmenistanda üstünlikli geçirilendigini belledi. Bu forum halkara gatnaşyklarda zenanlaryň döredijilikli ornuny görkezdi we olaryň döwletara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagyna möhüm itergi berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenko Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň ikinji dialogyny geljek ýylyň maýynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.
Bu möhüm çäre Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk deňzi, duşuşyklaryň, dialogyň, özara düşünişmegiň ýeri hökmündäki taryhy ornuny nobatdaky gezek tassyklar. Munuň özi dünýä syýasatynyň häzirki ýagdaýynda aýratyn ähmiýetlidir.
Şeýle hem Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek ikinji dialog bu sebitiň halkara diplomatiýanyň jogapkärli merkezleriniň biri, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň döredijilikli merkezi bolup durýandygyny äşgär eder.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.