Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
12:32 30.12.2024 4465
28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir.
Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.
Baş arçanyň ýanynda geçirilýän dabara ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda göreldeli okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çagyryldy.
Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyrýan körpeler ýaş nesilleriň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra ýaşajyk körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Olar bu şanly güne döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar.
Soňra dabara gatnaşan ähli çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Serdar Berdimuhamedow çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we Täze ýyly şadyýan garşylamagy, ajaýyp gyşky dynç alşy, okuwlarynda üstünlikleri arzuw edip, awtoulagynda Söwda-senagat edarasynyň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar döredijilik toparynyň, estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi dowam etdi.
Ýaş nesilleriň baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalarydyr agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň agtyjagy Aýjeren baýramçylyk mynasybetli goşgy aýdyp, saz çalyp, öz ukyp-başarnygyny görkezdi. Dabara gatnaşyjylar Aýjereniň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Şeýle hem birnäçe aýdymçylar, döwlet derejesindäki köp sanly bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň ýeňijileri sungat ýolundaky ajaýyp eserleri bilen çykyş etdiler. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar.
Tomaşaçylar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.