Türkmenistan we Ýaponiýa ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
14:11 18.12.2024 3249
16-njy dekabrda Aşgabatda “Ýyldyz” otelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Forumyň işine gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Mejlisden öň kiçi düzümdäki duşuşyk geçirildi. Ýapon wekiliýetiniň düzümine iri ýapon kompaniýalarynyň, şeýle hem Ýaponiýanyň Söwda boýunça assosiasiýasynyň (ROTOBO) ýolbaşçylary girdiler.
Bilelikdäki mejlisiň gün tertibi hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini öz içine aldy. Esasy ugurlaryň hatarynda – ulag, gurluşyk, senagat, elektroenergetika ekologiýa, “ýaşyl” energetika we ş.m.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow öz çykyşynda iki tarapyň wekiliýetleriniň saldamly düzümini belledi.
Özara pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek we ýakyn geljek üçin anyk hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança bolan we mundan beýläkki netijeli dialogyň ösdürilmegi üçin hem berk esas bolup hyzmat etjek komitetleriň işine oňyn baha berildi.
Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzakmöhletleýin başlangyçlaryň ilerledilmegine güýçli syýasy itergi berýändigi bellenildi.
Çykyşlarda söwda, nebit-gaz we himiýa senagaty, aragatnaşyk, maliýe, şeýle hem saglygy goraýyş, ylym we bilim ýaly pudaklarda we ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda himiýa senagaty, gaz pudagy ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy ýapon kompaniýalary bilen döwlet pudak edaralarynyň arasynda resminamalaryň bukjasyna gol çekildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.