Nebitgazçylaryň baýramy giň gerimde bellenildi

07:00 17.12.2024 5139

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12630/original-1676051fb81317.jpg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ilki bilen, B.Amanow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady.

Dabaraly pursatlarda önümçilikde ýokary netijeleri gazanan, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan, ukyp-başarnygy boýunça kärdeşlerine görelde bolan nebitçilere, gazçylara, geologlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde bäsleşikleri yglan edipdi.

Dabaraly pursatlarda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» we üstümizdäki şanly ýylyň ady bilen bagly:

 «Ruhy dünýämiziň sönmez çyragy,

 Ýürekleň buýsanjy dana Pyragy»

atly döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi. «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» bäsleşiginiň jemi boýunça «Nebit-gaz» gazetiniň bölüm müdiri Oraznazar Heşdekow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik, ylym we tilsimatlar bölüminiň esasy hünärmeni Guwanç Meretdurdyýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Edara ediş hojalyk işleri müdirliginiň umumy bölüminiň başlygy Aýtäç Rejepowa 1-nji orna, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň inženeri Gülşat Garraýewa, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Sapargylyç Durdygylyjow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» ekspedisiýasynyň önümçilik-tehnika bölüminiň tehnologik enjamlarynyň inženeri Serdar Depbiýew 2-nji orna, «Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň 7-nji ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory Baýmyrat Balakaýew, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň kiçi ylmy işgäri Atageldi Durdyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa-gözleg işleriniň ykdysadyýeti we nebitgaz serişdelerine baha bermek laboratoriýasynyň tehnigi Durdyjemal Nurmyradowa 3-nji orna mynasyp boldy.

«Ruhy dünýämiziň sönmez çyragy,

 Ýürekleň buýsanjy dana Pyragy»

atly bäsleşikde «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Garaýewa, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş mehaniki zawodynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Bagtygül Mämmedowa, «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň esasy inžener-himigi Orazberdi Ýazgulyýew 1-nji orna, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitdagnebit» NGÇM-niň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Bibi Ataýewa, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň önümçilik geologiýasy bölüminiň başlygy Oraznur Nurmuradow, «Nebit-gaz» gazetiniň kompýuterde toplaýjy operatory Jahan Ödäýewa 2-nji orna, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Maddy enjamlaýyn serişdeleri we üpjünçilik müdirliginiň tehnigi Rahman Bäşimow, «Türkmengeologiýa» DK-nyň gidrogeologiýa we inžener geologiýasy bölüminiň esasy hünärmeni Nazarmuhammet Goçyýew, «Türkmengaz» DK-nyň ykdysady bölüminiň baş hünärmeni Mähri Mämmedowa 3-nji ýere mynasyp boldy. Ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbaha sowgatlar gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabara öýleden soňra «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde dowam etdi. Bu ýerde bolan baýramçylyk konsertinde merkeziň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi wasp edýän şirin aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy «Türkmennebit» DK-nyň we bu konserniň Kärdeşler arkalaşyklary komitetiniň guramaçylygynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde, şeýle-de Mary welaýat we Sakarçäge etrap häkimlikleriniň, «Marygazçykaryş» müdirliginiň, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bilelikdäki guramaçylygynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgünde geçirildi. Balkanabat we Şatlyk şäherlerinde geçirilen baýramçylyk çäreleriniň dowamynda ýangyç çig mal känlerinde, önümçiliklerde göreldeli zähmet çekýän nebitçilere, gazçylara, geologlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de hormat hatlary dabaraly gowşuryldy. Dabaralar nebitçileriň, gazçylaryň Medeniýet köşkleriniň sungat ussatlarynyň belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlary, milli hem döwrebap tanslary, sahna çykyşlary bilen jemlenildi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16502db2d8d910.jpg
Zähmeti goramak sagdynlygyň we howpsuzlygyň girewidir

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda konserniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.